DÜNÝÄ

“Türkhowaýollary” diňe 5 ugra halkara gatnawyny amala aşyrar

“Türkhowaýollary” awiasiýa kompaniýasy ýiti respirator keseli sebäpli diňe daşary ýurt gatnawlarynda 5 ugra gatnaw amala aşyrýarlar. Bu ugurlar Moskwa, Adis-Ababa, Nýu-York, Waşington, Gonkong ýaly ugurlara uçar gatnawlaryny amala aşyrar.

“Türkhowaýollary” kompaniýasynyň bu çäklendirmesi 27-nji mart-17-nji aprel aralygyny gurşap alar. Kompaniýanyň baş müdiri Bilal Ekşi bu barada internetdäki jemgyýetçilik torundan habar berdi. Ol öz beýanatynda, Moskwa, Adis-Ababa, Nýu-York, Waşington, Gonkong şäherlerinden başga ähli gatnawlaryň çäklendirilýändigini, ýük gatnawlaryň dowam edýändigini belledi. Bilal Ekşi ýurduň çägindäki gatnawlaryň azaldylýandygyna garamazdan dowam etdirilýändigini belledi.

Related posts

Ahal welaýatynda 4 gatly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Ärdogan milli Liderimizi Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Daşary ýurtlardaky Ilçihanalarynyň telefon we salgylary

Ata Watan Eserleri