DÜNÝÄ

Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 31-nji maýy — 23-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin howa gämisiniň ýörite gatnawynyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmagyny guramak tabşyryldy.

Related posts

Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Türkmenistan we Kataryň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi