DÜNÝÄ

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti başlady

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki “Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammiti öz işine başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde bu sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Sayed Ebrahim Raisi, Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Sammitde gurama gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky söwda,ykdysady, maýa goýum we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Golaýda ulanmaga berlen kaşaň “Garagum” myhmanhanasy ilkinji daşary ýurtly myhmanlaryny kabul etdi. Bu ýerde ýokary derejedäki ilkinji sammit geçirildi.

 

28-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Related posts

Putin Serdar Berdimuhamedowy gazanan ýeňşi bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Amir Han Muttaki Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp gördi

Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

vepa