DÜNÝÄ

Türkmenistan “ESKPO 2025 Osaka” sergisiniň ýygnagyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 15-16-njy ýanwarynda Ýaponiýanyň Himeji şäherinde “ESKPO 2025 Osaka” Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň halkara ýygnagy geçirilýär.

Duşuşyga “EKSPO 2025” bütindünýä sergisine gatnaşýan 100-den gowrak ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Halkara ýygnagyň dowamynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde açyljak “EKSPO 2025” bütindünýä sergisine taýýarlyk işleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Dünýäde sosial mediýa ulanyjylaryň sany artdy

Indoneziýanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyryldy

Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň arheologiki sergisi geçiriler