DÜNÝÄ

Aşgabatdaky asma ýolda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

Paýtagtymyzyň günorta bölegindäki asma ýoluň talabalaýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu işler türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň keşbiniň barha gözelleşýändigini, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş merkezleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurulýandygyny aýtdy we paýtagtymyzda ýerleşýän asma ýolda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy