BILIM

Türkmenistanlylar koreý dilini we medeniýetini öwrediş maksatnamasyna gatnaşyp bilerler

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Koreýany öwreniş akademiýasynyň 2025-nji ýylda Koreý medeni okuwlaryna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlandygyny yglan etdi.

Bu maksatnama 1993-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär. Şu döwrüň içinde oňa 70 ýurtdan 1014 talyp gatnaşdy. Bu okuw bakalawr derejesini almak ugrunda okaýan daşary ýurtly talyplar üçin niýetlenendir. Maksatnama koreý medeniýeti bilen baglanyşykly okuwlary, koreý dili we koreý däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan sapaklary öz içine alýar. Okuwlar koreý dilinde geçirilýär. Şonuň üçin olara gatnaşjaklar koreý diliniň esasyny bilmelidir. Gyzyklanýan taraplar Koreýany öwreniş akademiýasynyň saýtyna soragnama tabşyrmaly.

Arzalar 27-nji ýanwardan kabul edilip başlanýar. Saýlanyp alnan talyplar 2025-nji ýylyň 28-nji martynda elektron poçta arkaly hat alarlar.

Koreýany öwreniş akademiýasy ýaşaýyş, iýmitleniş we medeni ýerlere baryp görmek bilen baglanyşykly ähli çykdajylary öz üstüne alýar. Talyplar gidiş-geliş uçar peteklerine çykdajylary, (Inçhon halkara howa menzili bilen Koreýany öwreniş akademiýasynyň arasyndaky çykdajyny-da goşmak bilen) ýol harjyny we lukmançylyk ätiýaçlandyryşy tölemeli.

Gerekli resminamalar: arza, ýokary okuw mekdebinden şahadatnama, ýetişigi barada maglumat, arzanyň düzümine goşulan koreý dilini biliş derejesiniň bahalary (soragnamany saýtdan alyp, 7-nji maddasyny dolduryň), koreý dilini bilşi barada şahadatnama (bar bolsa).

Resminamalar koreý ýa-da iňlis dilinde doldurylmaly, bolmasa, asyl nusga bilen birlikde koreý ýa-da iňlis diline terjimesi-de tabşyrylmalydyr.

Habarlaşmak üçin: Ýu Çži Hi, Halkara hyzmatdaşlyk merkezi, Daşary ýurtlarda Koreýany öwrenişi goldaw edarasy.

Telefon: + 82-31-739-9715,

Elektron salgysy: aksculture@aks.ac.kr

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar