MEDENIÝET

Gözel Şagulyýewa 86 ýaşady: ylhamy ganatly, galamy batly

Her bir ynsanyň kalbynda hemişelik guwanjy-buýsanjy bolýar. Ol guwanç-buýsanç ýakynyňa-da, ýadyňa-da bolup bilýär. Amangözel Şagulyýewa bilen ikimiziň kakamyz süýtdeş dogandy, menem oň bilen – doganoglan. Bu ýazgylar Amangözel – Gözel doganymyz hakda kalbymda ýaşaýan buýsanjyň, guwanjyň ýatlamalary.

Gözel doganymyz bilen baglanyşykly wakalar meni geçen günleriň gujagyna sary alyp gidýär. Men ol ýatlamalary hemişe kanagatlanma, ruhy lezzet amla bilen ýatlaýaryn. Belki bu wakalar Gözel doganymyzyňam ýadyndadyr.

Ol mahal men başlangyç synpda okaýan okuwçydym. Agam Annamuhammet Nutyýew 24-25 ýaşlaryndaky ýigitdi. Şol döwürler agamyň çagalar üçin döredýän şygyrlary metbugat sahypalarynda çap edilýärdi. Atamyrat Atabaýew, Bibi Orazdurdyýewa, Nobatguly Rejepow dagy bilen bile, bir döwürde okansoň, Atajan Annaberdiýew, Gurbannazar Ezizow, esasan-da Aşyrberdi Kürt dagy bilen gatnaşyk saklansoň onuň edebiýata bolan garaýyşy çuňňurdy.

Şol döwürler Gözel goganymyz Maryda demir ýol wokzalyna golaý ýerde aýratyn bir howluda ýaşaýardy. Agam onuň goşgularyny diňlemek hem-de goldan gelen hemaýatyny bermek üçin olara häli-şindi giderdi. Şeýle günleriň birinde ol meni hem ýany bilen olara alyp gitdi. Ýadyma düşýär, şonda biz Gözel doganymyzyň süýtdeş körpe jigisi, doganoglanym Juma bilen howluda oýnapdyk. Agam bolsa ýany bilen alyp giden lentaly magnitofonynyň ak nikelli iki aýakly, göýä sabyn gabyna meňzäp duran mikrofonyny toga ötürip, Gözel doganymyzyň öz okamagynda birnäçe goşgusyny ýazgy ederdi. Agamyň: «Hany dogan, täzeden oka», «Şu sapar çynyňy et bakaly» diýip, oňa okaýan goşgularyny birnäçe gezek gaýtaladýany eşidilýärdi. Birnäçe wagtdan soň ýazgy tamam bolup gaýtjak mahalymyz agamyň oňa:

– Hiç ýaýdanma, özüm elin alyp gidip tanyşdyraryn. Gowy adamdyr, gowy eserleriň janköýeridiri- diýýäni ýadymda.

Bu sözler ýadymda galsa-da, gürrüňiň näme hakda gidýändigini soň bilip galdym. Agam Gözel doganymyzy Gurbannazar Ezizow bilen tanyşdyryp, oňa hemaýat bermegi göz öňünde tutýanyny aýdýan ekeni.

Aradan birnäçe aý geçenden soň agam Gözel doganymyzy ýörite paýtagta gidip Gurbannazarlara alyp barypdyr. Gurbannazar şahyr olary güler ýüz bilen garşylap Gözel doganymyzyň goşgularyny höwes bilen okaýandygyny aýdyp, goldan gelen kömegini gaýgyrmajakdygyny beýan edipdir. Şol pursatlary ýatlap Gözel doganymyzyň Gurbannazar hakda, özüniň şygryýet äleminde taplanyşy hakynda söhbert açylsa: «Meni elimden tutup Gurbannazarlara äkiden jigim Annamuhammetdi» diýip, agamy hemişe hormat bilen ýatlaýanyny onuň bilen duşuşyga gatnaşýanlar bilýändirler.

Gözel doganymyz ençe ýyl Mary welaýatynyň «Lenin baýdagy» (Häzirki «Mary-şahy jahan») gazetinde edebi işgär bolup işledi. Ol şol döwürler Mary şäheriniň Aşgabat şaýoly bilen Murgap şaýolunyň kesişýän ýerindäki dört gatly jaýyň birinji gatynda ýaşaýardy. Talyp ýyllarym oba baranymda agam meni döredijilige ugruksyn, Gözel doganymyzdan nusga alsyn diýip olara alyp barardy. Şonda Gözel doganymyz eýýäm «Elbukjam», «Men Garagumly» atly kitaplaryň awtorydy. Ol maňa şygryýet dünýäsiniň tilsimleri, hut säher çygynyň gülleri üýtgeşik bir terlendirişi ýaly, rifmanyň ündelýan pikire jan bermelidigini düşündirerdi. Ondan öwrenip bileniň peýdady. Şonuň üçin Gözel doganymyzyň goşgular kitabyny öwran-öwran okardym.

Hormatly doganymyz geçen asyryň 80-nji ýyllarynda paýtagta göçüp geldi. Ol Tankçylar köçesinde ýaşaýardy. Biz ol mahallar talypdyk. Okuwdan boş wagtlarymyz şygryýete sarpa goýýan ýoldaşlarym bilen olara ýgy-ýygydan barardyk, öwrenerdik, edebiýat barada gürrüň ederdik. Gözel doganymyzyň ikiýan goňşusy-da döredijilik adamy, ýagny aňry ýüzünde ýazyjy Anna Paýtyk, bäri ýüzünde-de Nury Baýramow ýaşaýardy. Olar käte «Hany Gözel jigi, bir çäýnek çaý içeliň» diýip, doganymyzyň howlusyndaky kiçeňräk suw çüwdüriminiň daşyna aýlanan oturgyçda çaý başynda edebiýat hakynda söhbet açardylar. Eserlerini okap ýören ýazyjylarymyz bilen bu duşuşyklar bize aýratyn ruhy lezzet bererdi.

Bir sapar bolsa men Gözel doganymlara şahyr dostum Gurbandurdy Orazow bilen barypdym. Gurbandurdyny Gözel doganymyzyň ýörite özi çagyryp, ony Magtymgulynyň şygryýet gününde beýik akyldaryň heýkeliniň öňünde ýaş şahyrlaryň iň zehinlileriniň biri hökmünde goşgusyny okamak üçin sanawa goşmakçydy. Gurbandurdy bu habara şatlanyp, şonda Gözel doganymyza «Men sähra gidýärin», «Topragym» hem-de Magtymgula bagyşlap döreden «Ady belli, arap tilli söwdügim» atly goşgularyny joşgun bilen okap berdi. Doganym ol goşgularyň iki sanysyny saýlap, olary şol wagtky Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygy ýazyjy Täşli Gurbanowyň dykgatyna ýetirjekdigini aýtdy. Täşli Gurbanow çyn zehinleri ikelläp goldaýan ýazyjydy. Ol Gurbandurdynyň goşgulary bilen tanşyp, ony şol bada sanawa goşupdyr. Gurbandurdy heniz-henizlerem şol pursatlary ýatlap: «Şol saparky Gözel doganymyzyň goldawy bilen goşgy okan pursatlarym ömrümiň ýatdan çykmajak sahypalarydyr» diýýär.

Biziň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasynda okaýan ýyllarymyz fakultetimizde edebiýat birleşmesi hereket edýärdi. Birleşmede tanymal ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyklar geçirilip, ýaş şahyrlaryň goşgulary ara alnyp maslahatlaşylardy.

Şeýle günleriň birinde meni mugallymymyz, şahyr Begmyrat Ussaýew ýanyna çagyryp: «Indiki birleşmä doganyňy çagyr. Oň bilen duşuşyk geçireliň» diýdi. Men bu jogapkärli tabşyrygy boýnuma alyp, birnäçe gün öňünden Gözel doganymyza bu babatda ýüz tutdum. Onda ol: «Ýeke özüm barmaýyn, sen Atamyradada-da ýüz tut, ýok diýmez» diýdi.

Atamyrat Atabaýew agam Annamuhammediň kyýamatlyk dostudy. Talyp ýyllarym birnäçe wagt olaryň öýünde ýaşamsoň, bu teklip maňa kyn görünmedi. Şol gün agşam Atamyrat agalara baryp, oň razylygyny aldym. Döredijilik duşuşygy fakultetimiziň 19-njy auditoriýasynda guraldy. Duşuşyga gatnaşmaga höwes bildirenler gaty kän bolansoň, awuditoriýa zordan sygypdy. Şonda Gözel doganymyzyň «Meniň bar baýlygym seniň barlygyň», Atamyrat Atabaýewiň «Uçup gitdi Horosanyň durnasy» ýaly birnäçe goşgusyny hyjuw bilen okap bereni şu günki ýaly ýadymda.

Bir sapar paýtagta gelen agam Annamuhammediň awtoulagynda Gözel doganymyz bilen Aşgabatdan Mara gitmeli bolduk. Şonda Gözel doganymyz agama ýolda Kerim agalara degip geçmegi haýyş etdi. Şonda Gözel doganymyzyň Kerim aga özüniň birnäçe goşgularyny berip, oňa göz gezdirmegi haýyş etjekçi eken. Biz Kerim Gurbannepesowyň ýaşaýan Karpinskaýa köçesiniň 30-njy jaýyna bardyk. Kerim aga bizi güler ýüz bilen garşy aldy. Goganymyz onuň bilen bizi jigilerim diýip tanyşdyrdy. Kerim aga agamyň goşgularyna gazet-žurnallarda gabat gelýändigini aýdyp, oňa yhlas bilen işlemegi tabşyrdy. Gözel doganymyzyň Kerim aga goşgularyny berenden soň biz uly bir şahyr bilen görşenimize begenip, ýola düşdük.

1990-njy ýylda Gözel doganymyň 50 ýaş ýubileýini geçirenimiz ýaňy ýalydy. Ol dogduk mekanymyz – Murgap etrabynyň Şordepe obasynda bolupdy. Ine, bu gün bolsa Türkmenistanyň Gahrymany adyna eýe bolan şahyr doganymyz 86 ýaşady. Şu geçen otuz ýyly şahyr doganymyzyň poeziýasynyň gül açan döwri hasap etmek bolar. Garaşsyzlyk ýyllary, aýratyn-da Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri onuň ylhamyna ganat, galamyna bat berdi. Ýurdumyzy baky bagta eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amal edýän dünýä nusgalyk işleri onuň döredýän goşgularynyň özenini düzdi. Goý, geljekde-de ajaýyp döwrümiz, gülleýan, gül açýan zamanamyz şahyr doganymyzyň kalbyna ganat berip, ömrüni ýyllardan-ýyllara uzaltsyn.

                                                                             Atamyrat ŞAGULYÝEW.

 

Related posts

Milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat topary dörediler

Gyş möwsümi her ýyl ortaça 1 gün gysgalýar

Bedewleriň halkara çäreleri üçin döwlet topary döredildi