TEHNOLOGIÝA

Türkiýeli astronawt kosmos giňişligine çykdy

Türkiýe Respublikasynyň kosmos maksatnamasy uly üstünlige beslendi. Ýurduň ilkinji astronawty älem giňişligine çykdy.

ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasyna degişli kosmos gämisi Florida ştatyndaky NASA edarasynyň Kennedi kosmos merkezinden kosmos giňişligine uçuryldy. Bu kosmos gämisinde Türkiýe Respublikasynyň ilkinji astronawty Alper Gezerawjy hem bar.

“SpaceX” kompaniýasynyň resmi saýtynda “Ax-3” kosmos missiýasynyň älem giňişligine ugraýan pursatlary 1,3 million adam tarapyndan tomaşa edildi.

Ilkinji bolup kosmos giňişligine çykan türk astronawty Alper Gezerawjy 14 gün Halkara kosmos bekedinde dürli ylmy barlaglar geçirer. Gezerawjy kosmos giňişliginde ynsna saglygy, Tuz gölüniň ösümlik dünýäsiniň kosmos giňişliginde barlagdan geçirilmegi ýaly ugurlarda iş alyp barar.

“Ax-3” missiýasynyň düzüminde türk astronawty bilen bir hatarda toparyň ýolbaşçysy ispan kosmonawt Maýkl Lopez Alegriýa, Italiýadan Walter Willadeý we Ýewropanyň Kosmos agentliginden şwesiýaly Markus Wandt bar.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar