Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Günüň ilkinji ýarymy esasan-da, anyk meýilnamalary bolan Hamallar üçin birneme kyn bolup biler. Bir işi tamamlap soňra beýlekisine geçip maksadyňyza yzygiderli ýetmegi meýilleşdiren bolsaňyz ýagdaýlar garaşyşyňyz ýaly bolmaz. Ownuk meseleler sizi adatdakysyndan has köp ünsüňizden sowar. Käbir adamlaryň işleriňize goşulmaga synanyşmagy hem ähtimal.Günüň ikinji ýarymynda bolsa oňyn özgerişler başlar. Ilki bilen iş ugrunda ýagdaýlar ýeňilleşer öňüňizde duran wezipeleri ýerine ýetirmek aňsatlaşar. Maliýe ýagdaýyňyzda-da kem-kemden gowulaşmalar ýüze çykar. Mundan başga-da maşgala agzalary ýa-da ýakynlaryňyz bilen baglanyşykly şatlykly habar eşitmegiňiz mümkin.Agşam bolsa göwnüňize ýaran adam bilen duşuşmak ýa-da söhbetdeş bolmak üçin örän amatlydyr.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün ýeňil bolmasa-da ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge güýjüňiz ýeter. Üstünligiň esasy açary sabyrlylyk we tutanýerlilik bolar. Ozal toplan tejribäňiz häzirki meseleleriň çözgüdini tapmaga kömek eder sebäbi olaryň köpüsi size öňden tanyş bolar.Daş-töwerekdäkileriň maslahatlaryna kör-körüne ynanmagyň ýerine  öz tejribäňize we paýhasyňyza daýanmak has dogry bolar. Käbir maslahatlar tersine sizi bulaşdyryp biler. Bu ýagdaý  aýratyn-da  iş, maliýe we şahsy gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelerde has möhümdir.Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyza başgalaryň gatyşmagyna ýol bermäň. Aladalaryňyzy hemmeler bilen paýlaşmak ýa-da ähli meseleleriňizi kimdir biriniň çözerine garaşmak hem ýerlikli bolmaz. Käwagt özüňiz bilen ýekelikde galyp arzuwlaryňyz we maksatlaryňyz barada oýlanmak has peýdalydyr.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün  öňden galan işleriňizi tamamlap, sizi biynjalyk edip gelen meseleleri çözüň. Şeýle hem bu wagt resminamalar bilen işleşmek  döwlet edaralaryna ýüz tutmak hasabat taýýarlamak we ünsüňi hem-de takyklygy talap edýän işler üçin örän amatlydyr.Günüň ortalarynda ýagdaýlar birneme dartgynlaşyp biler. Esasan-da, işdeşleri bilen dostluk ýa-da söýgi gatnaşyklary bolan Jöwzalar üçin bu döwür aňsat bolmaz. Şahsy we iş bähbitleriniň utgaşmagy dogry çözgüt kabul etmegi kynlaşdyrar. Şeýle pursatda ynamdar adamyň maslahatyna gulak asmak peýdaly bolar. Şol maslahatlar size dogry çykalga tapmaga we gatnaşyklarňyzy gorap saklamaga kömek eder.Agşam bolsa günüň iň ýakymly bölegi bolar. Garaşylmadyk hoş habarlar  ýakymly sowgatlar ýa-da uzak wagt bäri görmedik adamyňyz bilen duşuşyk sizi begendirer. Şeýle hem sizi gowy düşünýän adam bilen açyk söhbet etmek mümkinçiligi dörär.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Möhüm meýilnamalaryňyz bar bolsa olary günüň ilkinji ýarymynda amala aşyrmaga synanyşyň. Bu döwür çylşyrymly meseleleri çözmek täze hyzmatdaşlary tapmak döredijilik we akyl zähmetini talap edýän işler üçin örän amatlydyr. Günüň ikinji ýarymynda bolsa garaşylmadyk täze işler peýda bolup biler. Bu bolsa meýilnamalaryňyzy üýtgetmäge mejbur eder. Şeýle hem size örän gyzykly görünýän pikirleriňiz beýlekiler tarapyndan dessine goldanylmazlygy mümkin. Muňa gynanmaň. Maksatlaryňyzy derrew hemmeler bilen paýlaşmagyň zerurlygy ýok. Biraz garaşyp, pikirleriňizi kämilleşdireniňizden soň, zerur goldawy almak has aňsat bolar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün öňden bäri meýilleşdiren işleriňizi amala aşyrmak üçin amatly pursatdyr. Ýyldyzlar size goldaw berer  şonuň üçin köp zat adatdakysyndan ýeňil başa barar. Ýagdaýlar siziň peýdaňyza çözüler  gerek adamlar wagtynda gabat geler  maslahat gerek bolanda bolsa dogry sözleri eşidersiňiz. Gerekli maglumaty nireden tapmalydygyny ýa-da kime ýüz tutmalydygyny hem aňsatlyk bilen kesgitlärsiňiz.Köp Esetler bu gün geljekde örän peýdaly boljak gymmatly tejribe gazanarlar. Käbirleri möhüm gepleşikleri geçirip, hünär ýolunda täze we geljegi uly tapgyryň düýbüni tutarlar.Maliýe bilen baglanyşykly çylşyrymly meseleleriň üstünlikli çözülmegi mümkin. Uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän emläk dawalary hem siziň bähbidiňize tamamlanyp biler. Şeýle hem gozgalmaýan emläk ýa-da beýleki gymmatly baýlyklar bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirmek maliýe meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we iri geleşikleri baglaşmak üçin örän amatly gündür.Şahsy durmuşda-da ýagdaýlar göwnejaý bolar. Ýakynlaryňyz ähli başlangyçlaryňyzy goldar kararlaryňyza hormat bilen çemeleşer.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün islendik ýagdaýda sowukganlylygy saklamak ukybyňyz size iň uly goldaw bolar. Gün aňsat bolmasa-da, özüňizi ele alyp bilmegiňiz sebäpli ähli kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçersiňiz.
Täze tanyşýan adamlaryňyz baradaky ilkinji täsire dessine ynanmaň. Olar näçe ýakymly görünseler-de hakykatda özlerini görkezýän adamlar bolmazlygy mümkin. Ilkibaşda gowy başlanan tanyşlyk soňundan ownuk kynçylyklara hatda has çynlakaý meselelere hem getirip biler.Başgalaryň jogapkärçiligini hemişe öz üstüne alýan Sünbüleler bu gün munuň aşa köp gaýtalanýandygyna göz ýetirerler. Başgalaryň ýalňyşlaryny düzetmegiň ýerine öz meseleleriňize üns bermegiň wagty gelendigine düşünersiňiz. Elbetde hemmeler täze garaýşyňyzy makullamaz. Şonuň üçin ýa tankydy kabul etmeli, ýa-da öz bähbitleriňizden geçmeli bolarsyňyz.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün asudalygyňyzy saklamaga çalşyň. Gün umuman erbet bolmasa-da duýgy ýagdaýyňyz durnukly bolman biler. Ujypsyzja kynçylyklar gözüňize uly mesele ýaly görünmegi mümkin. Şeýle pursatda size ruhy goldaw berip biljek adamyň ýanyňyzda bolmagy uly ähmiýete eýe bolar. Emma hemmelere beýle mümkinçilik miýesser etmez.Käbir Mizanlar duýgularyny özbaşdak dolandyrmaly bolarlar. Şonuň üçin gyssagly netije çykarmakdan ýa-da wagtlaýyn duýgulara görä möhüm karar kabul etmekden gaça duruň. Tankyt edýän ýa-da sizi ruhdan düşürýän adamlar bilen aragatnaşygy mümkin boldugyça çäklendiriň. Eger olar bilen gepleşmek zerur bolsa ýagdaýlara biraz degişme bilen garamaga synanyşyň. Şonda käbir tankytlaryň aslynda esassyzdygyna düşünersiňiz we içki dartgynlylygyňyz azalýar.Günüň ikinji ýarymy has ýeňil we rahat geçer. Esasy işleriňizi tamamlap dynç almaga, ýakymly zatlar hakda oýlanmaga mümkinçilik taparsyňyz. Şeýle hem ýakyn adamlaryňyz bilen baglanyşykly hoş habar eşitmegiňiz ähtimal.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Günüň ilkinji ýarymy size täze we gyzykly pikirleri getirip biler. Başda bu pikirler diňe özüňize ýarasa-da olary amala aşyrmakdan çekinmäň. Ilkinji üstünlikleriňiz görünensoň size kömek etmek isleýänler we täze ýaranlar öz-özünden peýda bolar.Şahsy özüne çekijiligiňiz hem möhüm orun eýelär. Sizi ýakyndan tanamak isleýän adamlar başlangyçlaryňyza goldaw bererler we zerur pursatda ýanyňyzda bolarlar.
Emma günüň ikinji ýarymynda oňyn täsirler kem-kemden peselip başlar. Esasan-da, duýgur Akraplar üçin bu döwür has çylşyrymly bolar. Tankydy sözlere we degişmelere aşa duýgurlyk bildirip bilersiňiz. Hatda dostuňyzyň bilmezden aýdan sözi hem göwnüňize degmegi mümkin.Şeýle ýagdaýlarda göwnüňizi göterýän işler bilen meşgullanyň. Döredijilik bilim almak ýa-da halaýan işiňiz bilen meşgullanmak size ruhy rahatlyk berer. Bu gün zähmetiňize aýratyn üns berseňiz ýakyn wagtda girdejileriňiziň artmagyna hem oňyn täsir eder.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün üstünlikler öz-özünden gelmez. Maksatlaryňyza ýetmek üçin köp zähmet çekmeli bolarsyňyz. Bir gezek synanyşmak ýeterlik bolmaz sabyrly bolup başlanylan işi ahyryna çenli dowam etdirmek zerurdyr. Zähmetiňiziň netijesini derrew görmersiňiz  emma yhlasyňyz hökman ýerine düşer.Käbir Kowuslar ozal kömek etjek diýip wada beren adamlaryň sözünde durmajakdygyna göz ýetirerler. Şonuň üçin çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmeli bolarsyňyz. Bu köp wagt we güýç talap etse-de gazanjak tejribäňiz ýakyn wagtda size uly peýda getirer.Işe üns berýän Kowuslar üçin bu gün täze tanyşlyklar babatda üstünlikli bolar. Tötänden duşan adamyňyz ýakyn wagtda size bähbitli hyzmatdaşlygy teklip edip biler.
Maşgala içinde ownuk düşünişmezlikler ýüze çykmagy ähtimal. Olar esasan gündelik durmuş umumy emläk ýa-da geljekki meýilnamalar bilen baglanyşykly bolar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün hatda kiçijik üstünlik gazanmak üçin hem köp zähmet çekmeli bolarsyňyz. Bu diňe işde däl eýsem durmuşyň beýleki ugurlarynda-da şeýle bolar. Adatça birnäçe minutda bitirýän öý işleri hem bu gün birnäçe sagadyňyzy alyp biler. Mundan başga-da ozal gazanylan ylalaşyklar bozulyp  kömegine bil baglan adamlaryňyz wagtynda ýetişmezligi mümkin.Özüňize nätanyş ýa-da örän çylşyrymly işlere başlamaga howlukmaň. Adatça täze zatlary tiz öwrenýän bolsaňyz-da, bu gün ýalňyşlyklaryň üsti bilen öwrenmek ähtimallygy ýokarydyr. Şonuň üçin gowy bilýän işleriňize üns bermek has ýerlikli bolar. Täze işe başlamaly bolsaňyz, jikme-jik görkezmeleri alyň ýa-da tejribeli adamyň maslahatyndan peýdalanyň.
Agşam bolsa has ýakymly geçer.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün ýeňil geçmez. Möhüm işleri üstünlikli tamamlamak isleseňiz sabyrly boluň. Birinjiden ähli zat ilkinji synanyşykda başa barmar. Ikinjiden iň amatly usuly tapmak üçin dürli ýollary synap görmeli bolarsyňyz. Üçünjiden ýaranlaryňyz bilen düşünişmezlikler ýüze çykyp biler  netijede köp işi özbaşdak ýerine ýetirmäge mejbur bolarsyňyz. Şonuň üçin günüňiz köp zähmeti we wagty talap eder.Şeýle-de bolsa, ähli kynçylyklara garamazdan, möhüm üstünlikleri gazanyp bilersiňiz. Hatda güýçli garşydaşyňyzy hem ýeňmegiňiz mümkin. Emma munuň üçin ep-esli güýç sarp edersiňiz. Günüň ahyrynda käbir Daluwlar özlerini bütinleý halys ýadaw duýarlar. Şonuň üçin özüňize rahat dynç almaga mümkinçilik dörediň. Ähli işi bir günde bitirmäge synanyşmaň. Käbir meýilnamalary soňa goýmakdan gorkmaň we munuň üçin özüňizi ýazgarmaň. Käwagt dynç almak hem iň dogry çözgütdir.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün käbir kynçylyklar ýüze çyksa-da, oňyn ýagdaýlar olaryň öwezini dolar. Esasanam günüň ilkinji ýarymy  düşümli wagt bolar. Şonuň üçin möhüm işleri, jogapkärli duşuşyklary we geljekde ýaran görmek isleýän adamlaryňyz bilen gepleşikleri hut şu wagta meýilleşdirmek maslahat berilýär.Ýakynlaryňyz bilen möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hem irki sagatlar has amatlydyr. Wagtyňyz çäkli bolsa-da, esasy meseleleri çözmäge ýetişersiňiz. Şeýle gürrüňleri agşama goýsaňyz  özara düşünişmek has kyn bolup biler.Günüň ortalary söwda bilen meşgullanýan ýa-da täze girdeji çeşmelerini gözleýän  Hutlar  üçin üstünlikli bolar. Döredijilikli pikirlenmek we täzeçe çemeleşmek size goşmaça girdeji getirer.Şeýle hem bu döwürde geljekde ygtybarly işewür hyzmatdaşlaryňyza ýa-da ýakyn dostlaryňyza öwrülip biljek adamlar bilen tanyşmagyňyz mümkin.
Hormatly okyjylarymyz!