Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, bu forumy şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.
Maýa goýum forumynda we ugurdaş çärelerde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika, senagat pudaklarynyň ähmiýetli ugurlary, ygtybarly ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşi, durnukly ösüş üçin sanly we “ýaşyl” özgertmeler, sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, agrotelekeçilik, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalyk ulgamy, daşky gurşawy goramak, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüşi, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen strategik ugurlar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek barada taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
