BIZNES

Türkmenistan bilen Eýran ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Eýran Türkmenistan bilen üstaşyr daşamalaryň tarifleriniň azaldylmagy ugrunda ylalaşyp, iki ýurduň arasynda ýük gatnamalaryň tertibini ýeňilleşdirmek üçin degişli işleri alyp barýar. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales TASS habarlar gullugynyň habarçysyna beren söhbetdeşliginde mälim etdi.

– Häzirki wagtda biz türkmen kärdeşlerimiz bilen gepleşikler alyp barýarys we olar oňat netijeler berdi. Biz üstaşyr tarifleri azaltmak boýunça ylalaşdyk, ol hem biziň ýurtlarymyzyň üsti bilen üçünji ýurtlara üstaşyr ýükleriň artmagyna mümkinçilik berer. Şeýle hem gümrük işleri we käbir kanunçylyk namalary boýunça gepleşikleri alyp barýarys – diýip, ilçi belledi.

Ol bu ugurda Özbegistan bilen hem degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, Eýran bilen Özbegistanyň arasynda ulag ulgamynda gepleşikler geçirilip, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça halkara ulag geçelgesiniň guramaçylygy boýunça ylalaşyk baglaşmak babatda pikir alyşmalar geçirilýär.

Related posts

Türkmenistan bilen Owganystan TOPH taslamasy üçin iş toparyny döreder

Türkmenistandan Gazagystana mekdep partalary eksport edildi

Türkmenistan’da 2019 yılında yapılacak fuarların listesi

vepa

Leave a Comment