BILIM

ELS maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Iňlis dili hünärmeni» (ELS) atly maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär.

Ony ABŞ-nyň Ermenistan Respublikasyndaky uniwersitetiniň iňlis dili we aragatnaşyk dersleriniň lektory Brent Antony Andres alyp barýar.

Okuw sapaklary mugallymlar üçin 1 – 5-nji iýun aralygynda, talyplar üçin 8 – 12-nji iýun aralygynda geçiriler.

Hünär kämilleşdirmek sapaklary emeli aňyň mümkinçilikleri arkaly iňlis dilini okatmak, okuw maksatnamalary düzmek, okuw serişdelerini, gollanmalaryny taýýarlamak usullaryny hem-de dil başarnyklaryny ösdürmäge, ylmy ýazuw, aragatnaşyk ediklerini we özbaşdak öwrenmek strategiýalary bilen bagly hünär kämilleşdiriş tejribelerini alyşmaga ýardam eder.

Related posts

Täze okuw ýylynda 8 sany çagalar bakja-bagy açylyp ulanmaga berler

Talyp-2022: Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi 

Aspirantura:Türkmen milli konserwatoriýasy