SPORT

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola 10 ýyl zähmet çeken topary hem-de toparyň janköýerler bilen hoşlaşdy

“Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 38-nji tapgyrynda “Aston Willa” topary bilen geçirilen (1:2) 2025/2026-njy ýylyň jemleýji duşuşygyndan soň, toparyň agzalary we janköýerleri bilen hoşlaşdy.

Ispaniýaly hünärmen topar bilen geçen 10 ýyllyk ýoluny ýatlap, göz ýaşlaryny saklap bilmedi.

55 ýaşly Hosep Gwardiola “Mançester Sitide” işlän 10 ýylynyň içinde topar bilen bilelikde 20 sany kubok gazandy. Olaryň hatarynda Angliýanyň çempionatyndaky 6 gezek çempion boldy (2017/2018, 2018/2019, 2020/2021, 2021/2022, 2022/2023, 2023/2024 möwsümleri), Çempionlar Ligasynyň kubogyny (2022/2023 möwsümi) we beýleki baýraklar bar.

Şeýle hem “Mançester Siti” toparynyň köp ýyllyk futbolçysy Bernardo Silwa hem bu topardan gidýär.

Related posts

Duşuşyk başyna gol geçirip bilmedik hüjümçiler

Ata Watan Eserleri

Puşkaş baýragyna kim mynasyp bolar?

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Bahreýnde geçiriler