SPORT

Puşkaş baýragyna kim mynasyp bolar?

“FIFA” guramasynyň resmi web saýty Ferens Puşkaşyň baýragyna dalaşgärlik etjek we 2020-nji ýylyň iň gowy goly hasaplanyljak 11 sany dalaşgäriň sanawyny hödürledi. Ýeňiji ses berlişik arkaly saýlanar. Şeýle hem ses berlişikde diňe hünärmenler däl, eýsem janköýerleriň hem ses bermäge hukugy bolar. Bu dalaşgärlikde zenan futbolçylar we erkek futbolçylar deň şertlerde bäsleşýärler. Resmi saýta hödürlenen 11 oýunçynyň sanawy:

Şirli Krus (Kosta-Rika futbol milli ýygyndysynyň zenanlar topary)

Jorjian de Arraskaeta (“Flamengo”, Braziliýa)

Jordan Flores (“Dandolk”, Irlandiýa)

Andre-Pýer Jinýak (“Tigres UANL”, Meksika)

Sofi Ingl (“Çelsi” zenanlar futbol topary, Angliýa)

Zlatko Ýunuzowiç (“Zalsburg”, Awstriýa)

Hlomfo Kekana (“Mamelodi Sandauns”, Günorta Afrika Respublikasy)

Son Hyn Min (“Tottenhem”, Angliýa)

Lionel Kineones (“Makara”, Ekwador)

Luis Suarez (“Atletiko Madrid”, Ispaniýa)

Kerolin Ueýr (“Mançester Siti” zenanlar futbol topary, Angliýa)

 

FIFA web sahypasynda ses berlişik 9-njy dekabra çenli dowam eder. FIFA guramasynyň baýrak gowşurylyş dabarasy 17-nji dekabrda onlaýn ýagdaýda geçiriler.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

 

Ýene-de okaň

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi

Dünýä çempionaty: Germaniýa Kýurasaony 7:1 hasabynda utdy