TEHNOLOGIÝA

Iki meşhur kompaniýanyň ýolbaşçysy boldy

Germaniýanyň “Volkswagen Group” awtoulag kompaniýasy 22 ýyldan bäri kaşaň sport awtoulag öndürijisi “Bugatti” kompaniýasy bilen ýer bölegini paýlaşýar. Emma soňky hepdelerde nemes kompaniýasynyň fransuz “Bugatti” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy togtatmak isleýändigi barada habar berildi. Munuň sebäbi “Lamborjini” sport awtoulag kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Domenikali 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, “Formula 1” awtoulag ýaryşyň täze prezidenti wezipesinde işläp başlar. “Bugatti” awtoulag kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefan Winkelman bolsa, dekabr aýdan başlap, “Bugatti we Lamborjini” kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesinde işläp başlar. Italiýaly iş dolandyryjy Stefano Domenikali, 1991-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli Formula 1 ýaryşynyň “Ferrari” ýaryş awtoulag toparynda dürli wezipelerde işläpdir.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar