JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Galkynyş» toparynyň agzalary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň okuw-türgenleşikleri we durmuşy bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarda şowly çykyş etmegine ak pata berdi. Bu bolsa atçylyk sportuna ykbalyny baglan ýaşlary täze belentliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly çärelere taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Toparyň başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli guramaçylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklap, bu barada gymmatly maslahatlaryny berýär.

Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz ýaşlaryň diňe bir türgenleşikleri däl, eýsem, okuwlary, durmuşy we ene-atalarynyň ýagdaýy bilen hem içgin gyzyklandy. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar, olaryň geljegi we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň rowaçlanmagy ugrunda uly alada edilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz toparyň her bir agzasy bilen içgin söhbetdeş boldy, olaryň geljekki maksatlary barada gyzyklandy.
Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyz halkara çärelerde Türkmenistanyň abraýyny belende göterjek oglan-gyzlar bilen gürrüňdeş bolup, toparyň agzalarynyň üstünlikli çykyş etmekleri ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi we olaryň halkara çärelerde öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, üstünlik gazanmaklaryny, türkmen tuguny belentde parlatmaklaryny arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz halkara çärelerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň täze oýunlary we çylşyrymly hereketleri bilen dünýäni haýrana goýmaklaryny arzuw etdi. Munuň özi behişdi bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki abraýynyň belende galmagyny üpjün eder.

Related posts

Messi hem Türkmenistana gelip bilermi?

Şäheriçi awtobus ugurlary: Haýsy ugurlar hereket edýär?

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti 11-12-nji dekabrda Aşgabatda saparda bolar