SPORT

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Moskwanyň “Spartak”topary finalyň super duşuşygynda “Krasnodar” toparyny ýeňip, futbol boýunça Russiýanyň Kubogynyň eýesi boldy.

Esasy wagt 1:1 hasabynda tamamlandy, penaltiler seriýasynda bolsa “Spartak” has üstün çykdy (4:3).

Oýun Moskwanyň “Lužniki” stadionynda geçirildi. 36-njy minutda Pablo Solariniň geçiren goly netijesinde “Spartak” öňe saýlandy. 57-nji minutda “Krasnodar” hasaby deňlemegi başardy: goly Duglas Augusto öz adyna ýazdyrdy.

Ikinji ýarymda goşulan wagtda “Spartagyň” baş tälimçisi Huan Karsedo derwezeçini çalyşdy – Aleksandr Maksimenkonyň ýerine meýdança Pomazun girdi. Ol hem 11 metrlik jerime urgularynda toparyna kömek etdi.

“Spartak” – Russiýanyň Kubogynyň bäş gezekki eýesidir, mundan öň bu kubogy 1994, 1998, 2003 we 2022-nji ýyllarda gazanypdy. “Spartak” iki gezek finalda utuldy (1996, 2006).

“Krasnodar” bolsa bu ýaryşda hiç wagt ýeňiş gazanmady we eýýäm üçünji gezek finalda utulýar.

Related posts

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Serbiýalylar Ronaldony duruzdy

Klopp Primer Liganyň taryhyna girdi