Saudi Arabystanynyň Pro-Ligasynyň 2025/2026-njy möwsüminiň iň soňky — 34-nji tapgyrynda “Al-Nasr” we “Damak” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk tamamlandy. Oýun Er-Riyaddaky “Al-Awwal Park” stadionynda geçirildi. Duşuşyk 4:1 hasabynda “Al-Nasr” toparynyň peýdasyna gutardy.
Şeýlelikde, Kristiano Ronaldoly “Al-Nasr” topary Saud Arabystanynyň çempiony boldy. 41-nji ýaşyndaky Ronaldo 8-nji gezek çempionlyk derejesine eýe boldy. Ol Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary bilen 3 gezek Angliýanyň, 2-nji gezekden “Real Madrid” bilen Ispaniýanyň hem-de “Ýuwentus” bilen Italiýanyň çempiony bolmagy başardy.
“Damak” topary bilen geçirilen duşuşykda 2 gol uran Ronaldo karýerasyndaky 972-nji goluny geçirdi.
2023-nji ýyldan bäri saud toparynda çykyş edýän Ronaldo bu ýurtdaky ilkinji çempionlygyny gazandy we özüniň 35-nji kubogyny gazanmagy başardy.
Şeýle hem “Al-Nasr” topary 11-nji gezek Saudi Arabystanynyň çempiony boldy, bu görkeziji boýunça topar üçünji orny eýeleýär. Bu topary soňky gezek 2019-njy ýylda çempion bolupdy. Saud Arabystanyda “Al-Nasrdan” has köp çempion bolan toparlar “Al-Hilal” (21) we “Al-Ittihad” (14) toparlarydyr.
