JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

“Report” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň Ministrler Kabineti maglumat berýär.

Ali Asadow Türkmenistanyň Prezidentine Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliyewiň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem öz gezeginde hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň Prezidentine öz mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda özara ynama esaslanýan ýurtlaryň arasyndaky syýasy dialogyň okgunly ösüşi bellenilip geçildi we dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmen deputatlary halkara onlaýn forumlaryna gatnaşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri:Azerbaýjan bilen gatnaşyklar mundan beýläk-de ösdüriler

Azerbaycan Cumhurbaşkanı, Türkmen Dışişleri Bakanı’nı kabul etti

vepa