SPORT

Infantino: FIFA-nyň Türkmenistan üçin ägirt uly taslamalary bar

Mälim bolşy ýaly, düýn Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino özüniň Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň çäklerindäki duuşyklar baradaky habarlary “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň okyjylar köpçüligine yzygiderli ýetirip durduk.

FIFA-nyň prezidentiniň Aşgabada amala aşyran sapary barada bu guramanyň resmi saýtynda hem degişli habarlar bilen şöhlelendirildi. Şonda FIFA-nyň prezidentiniň Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrandygy, Janni Infantinonyň belläp geçişi ýaly, FIFA-nyň Türkmenistan üçin ägirt uly taslamarynyň bardygy, şeýle hem Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndy toparynyň (23 ýaşa çenli) “Aziýa Kubogy — 2022” atly abraýly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edendigi bellenilýär. 

“Şu gün Türkmenistanda, şu ajaýyp Aşgabat şäherinde bolanyma örän şat. Türkmenistanyň Prezident bilen duşuşanym üçin buýsanýaryn “-diýip, ilkinji gezek Türkmenistana sapar eden jenap Infantino aýtdy.

“Türkmenistan üçin uly taslamalarymyz bar” -diýmek bilen Infantino Türkmenistanyň futbol ýurdudygyna aýratyn ünsi çekdi.

Related posts

Suw sportlary boýunça dünýä çempionaty

Ata Watan Eserleri

14 ýaşynda Olimpiýa çempiony boldy

Portugaliýa, Fransiýa we Belgiýa Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

Leave a Comment