JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkmenistana geldi

21-nji maýda Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugyna salgylanyp bermegine görä, saparyň maksady Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlesine gatnaşmakdan ybaratdyr.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Ali Asadowy Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gozalow, şeýle hem Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow garşyladylar.

Mundan başga-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlesine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew hem-de Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin Aşgabada geldi.

Related posts

Türkmenistan-Çin ticaret hacmi 10 milyarı buldu

vepa

Arkadag şäheri-bagtyň eseri

Hazar Ekonomik Forumu’nun kurulması gündemde

vepa