JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy. Bu barada Azerbaýjanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.

Duşuşykda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işiniň uly ähmiýetini belledi. Bellenilişi ýaly, çagalaryň saglygy, bagtyýar geljegi baradaky alada häzirki zaman jemgyýetiniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlardaky çagalara hem ynsanperwer kömegini berýär, onuň alyp barýan işi adamlary haýyr-sahawat işine ruhlandyrýar, ynsanperwer jemgyýeti döretmäge ýardam edýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda saparda bolýar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly we goňşy ýurda amala aşyrýan şu gezekki sapary munuň aýdyň beýanydyr.

Ýene-de okaň

Seýşel adalarynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana ilkinji sapary

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi