Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Özbegistana syýahatçylyk maksady bilen 4 048 417 sany daşary ýurt raýaty geldi. Türkmenistan Özbegistana baran halkara jahankeşdeleriň sanawynda ilkinji 10-lyk orun aldy.
Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 930,8 müň adam ýa-da 29,9 % köpeldi.
Özbegistana iň köp syýahatçy gelen ilkinji 10 döwlet:
-
Gyrgyz Respublikasy – 1 141 581 adam;
-
Täjigistan – 965 488 adam;
-
Gazagystan – 935 003 adam;
-
Russiýa – 341 842 adam;
-
Owganystan – 161 537 adam;
-
Hytaý – 132 240 adam;
-
Türkmenistan – 108 433 adam;
-
Türkiýe – 57 686 adam;
-
Hindistan – 16 057 adam;
-
Koreýa Respublikasy – 12 145 adam.
