SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýene bir Prezident koronawirusa garşy sanjym edildi

Boliwiýanyň Prezidenti Luis Arse koronawirusa garşy Russiýanyň «Sputnik V» sanjymy bilen sanjym edildi. Bu barada Boliwiýa habar gullugyna daýanyp, RBK habar berdi.

Prezidentiň özi bu barada şeýle diýdi:

― Men sanjym edildim… Munuň ilatyň sanjym merkezlerine gidip, ilkinji dozany almaga itergi berjekdigine ynanýaryn.

Şeýle hem Arse, öň sanjym derejesiniň günde ortaça 6 müňden 8 müň adama çenli bolandygyny we milli hökümet tarapyndan köpçülikleýin sanjym nokatlarynyň döredilmegi sebäpli, günde 52 müňden gowrak adama sanjym etmäge mümkinçilik peýda bolandygyny aýtdy.

 

Adwokatdan ýüz döndürmek barada maglumat

 

 

Related posts

Gyzykly maglumat: hyýar nerw ulgamyny köşeşdirýär

Daşary ýurtly metbugat wekilleriniň Türkiýä syýahatçylyk sapary – 2

Mekdebe çenli çagalyk döwründe çaganyň ösüşi, kemala gelşi