SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kuweýtlilere daşary ýurda gitmäge rugsat berilmeýär. Sebäbi…

«Islam-Today» neşiriniň habar bermegine görä, Kuweýt hökümetiniň kararyna laýyklykda, koronawirusa garşy sanjym edilmedik raýatlaryň daşary ýurda gitmegi gadagan edildi.

Bu gadaganlyk diňe bir ýerli ilata däl, Kuweýtde ýaşaýan daşary ýurtlulara-da degişlidir.

Hökümetiň kararyna görä, daşary ýurda gitmek isleýänler Kuweýtde hasaba alnan aşakdaky sanjymlaryň biri bilen sanjym edilmelidir:

― Pfizer, AstraZeneca,

― Moderna,

― Johnson & Johnson.

18 ýaşa ýetmediklere, hamyla zenanlara, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň agzalaryna, saglyk ýagdaýy sebäpli sanjym edip bilmeýänlere bu talap degişli däldir.  Olar Saglygy goraýyş ministrliginden degişli şahadatnama alsalar ýeterlikdir.

Soňky maglumatlara görä, Kuweýtde ilatynyň deň ýarysy ― 2 million adam koronawirusa garşy sanjym edildi (döwletiň umumy ilaty – 4,2 million).

 

Hyzmatdaşlyga täze saýtlar goşulýar: www.br.com.tm we www.iirmfa.edu.tm

 

Related posts

Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

Ilon Mask özüniň şäherini gurmagy meýilleşdirýär

Çilimi taşlamak üçin başlangyç

Ata Watan Eserleri