TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bäşinji (5G) we dördünji (VoLTE we LTE-Advanced ulgamlaryny goşmak bilen 4G+) nesil öýjükli aragatnaşygyň kabul ediji-geçiriji binýatlyk stansiýalaryny satyn almak, şeýle hem kompaniýanyň hereket edýän mobil torunyň programma-apparat serişdelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk halkara bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşik iki sany loty göz öňünde tutýar. Birinji lot Aşgabat şäherinde, şeýle hem Türkmenistanyň Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda TM CELL toruny ösdürmek üçin tehnologik enjamlary işläp düzmegi, taslamagy, eltip bermegi we gurnamagy öz içine alýar. Ikinji lot bolsa ýurduň Lebap we Mary welaýatlarynda amala aşyryljak degişli işleriň toplumyna degişlidir.

Tendere gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek we bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almak zerurdyr. Teklipler şu bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda iki sany aýratyn bukjada — tehniki we täjirçilik bukjalarynda berilmelidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar