TEHNOLOGIÝA

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama ýurtda maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezleri (MITM) döretmek we döwrebaplaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Ähtnama Türkmenistanyň çäginde täze maglumat merkezlerini gurmak boýunça taslamalary amala aşyrmak üçin taraplaryň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak meýillini tassyklaýar. Ylalaşygyň esasy maksady — öňdebaryjy tehnologik çözgütleri ornaşdyrmak we sanly düzümi halkara standartlaryna laýyklykda ösdürmekdir.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde desgalary taslamalaşdyrmaga we ulanmaga innowasion çemeleşmeleri ulanmak meýilleşdirilýär. Gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi milli IT-düzümi ep-esli berkitmäge, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyny ýokarlandyrmaga hem-de maglumatlary ygtybarly saklamak we işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge şert döreder.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi