TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bilen Aşgabada sapar bilen gelen Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary, «Infrastructure Communications» kompaniýasynyň direktory Behzad Akbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Oňa «Türkmenaragatnaşyk» Agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew hem gatnaşdy.

Eýranyň habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, duşuşykda Eýranda sanly infrastrukturany ösdürmekde gazanylan öňegidişlikler, özara gatnaşyklar üçin mümkinçilikler, şol sanda Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden ulag gatnawyny giňeltmek barada pikir alşyldy.

Iki ýurduň hem amatly geografiki ýerleşişi sebäpli sebitde sanly infrastrukturanyň ösmeginde möhüm rol oýnap biljekdigi bellenildi. Taraplar bu meseleler boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.

Behzad Akbari Eýranyň aragatnaşyk ministri Seýedastar Haşeminiň adyndan Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagynyň ýolbaşçylaryny 2025-nji ýylyň 3 — 6-njy ýanwary aralygynda Tähranda geçiriljek Halkara Telekommunikasiýa sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi