BILIM

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny döretmek maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.

Baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak we onuň işini ýola goýmak wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen sanly ulgam arkaly onlaýn iş duşuşygy geçirildi.

 Duşuşygyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde ylym-bilim ulgamynda, gelejekde hünärmenleri taýýarlamakda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijeleri berjekdigi, Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak üçin alnyp barylýan işleriň öňde goýlan weipeleriň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi bellenip geçildi.

Ýene-de okaň

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekişdi

Türkmenistanlylar üçin Ýaponiýada okamak mümkinçiligi

Türkmenistan “Petronas” kompaniýasy bilen bilim hyzmatdaşlygyny ösdürýär