DÜNÝÄ

Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilýän saýlawlar boýunça ses bermek dowam edýär.

Sagat 11-e çenli:

– täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 39,67%;

– Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 40,92%;

– welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 39,85%;

– etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 39,37%;

– geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 40,53% ses berdi.

Ses bermek dowam edýär.

Ýene-de okaň

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi