DÜNÝÄ

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow we GIZ-iň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Ýoahim Fris, Ministrlik bilen GIZ-iň arasynda 2024-nji ýylyň martynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama üýtgetmeler girizmek baradaky teswirnama gol çekdiler. Bu resminama Türkmenistanda TransHazar ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek Maksatnamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada THP habar berýär.

2025-nji ýylyň noýabrynda Daşkentde geçirilen TransHazar ulag geçelgesi we oňa degişli düzüm boýunça halkara maýadarlar forumynyň çäginde Ýewropa Bileleşigi, Germaniýa we Fransiýa TransHazar ulag geçelgesiniň (TCTC) mümkinçiliklerini ösdürmek Maksatnamasyny başlatmak barada üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekdiler.

Bu maksatnama Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän TransHazar ulag geçelgesiniň döwrebap, bäsleşige ukyply we ygtybarly ulag ugry hökmünde netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmakda strategik ähmiýete eýedir.

Ýewropa Bileleşiginiň, şeýle hem Germaniýanyň we Fransiýanyň maliýe goldawy bilen Merkezi Aziýa sebitinde bu başlangyç 2026-njy we 2029-njy ýyllar aralygynda GIZ we Expertise France tarapyndan amala aşyrylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy