TEHNOLOGIÝA

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Häzirki wagtda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda bellenildi.

Munuň özi ýurduň poçta ulgamynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň iri elektron söwda platformalary arkaly utgaşykly işi hem-de olar bilen göni hyzmatdaşlygy täze derejede ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwrebap logistika düzümini kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere ýurduň aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, poçta amallaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Related posts

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

Köpleriň isleg bildirilen kosmos gämisi tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bilmek üçin näçe söz öwrenmeli ýa-da näçe wagt gerek?

Ata Watan Eserleri