DÜNÝÄ

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

BMG bilen strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Häzirki wagta çenli geňeşiň dört mejlisi geçirildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow, şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky bäşinji mejlisiniň gün tertibine giriziljek meseleler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji meýletin milli synyny taýýarlamak meselesine seretmek göz öňünde tutulýar. Onuň esasy ugurlaryna strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde seretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de ýaşlar syýasaty ugurlarynda hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisinde 2026 — 2028-nji ýyllar üçin niýetlenilen «Ýaşlar — parahatçylyk we howpsuzlyk» atly maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisini geçirmek bilen bagly taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar