TEHNOLOGIÝA

Köpleriň isleg bildirilen kosmos gämisi tanyşdyryldy

2004-nji ýylda esaslandyrylan Angliýanyň “Virgin Galactic” kompaniýasy, täze nesil kosmiki gämisini hödürledi. “VSS Imagine” atly bu täze kosmos gämisi adamlary kosmosa alyp gider we özüniň ilkinji synag uçuşyny şu tomusda amala aşyrar. Kompaniýanyň bu gämisi ösýän kosmos gämiler flotunyň iň güýçli agzalarynyň biri bolar. Kosmos gämisine umumy 8 adam ýerleşer, ýagny olaryň ikisi uçarmanlar bolarlar we 6 adam bolsa ýolagçy hökmünde bolar.

Bu gämi bilen syýahat etjek syýahatçylar Ýer planetasyny 110 kilometr belentlikden synlamak mümkinçiligi bolar. Ilkinji resmi uçuşyny 2022-nji ýylda amala aşyrmak meýilleşdirýärler. Kompaniýanyň bellemegine görä, eýýäm 600 adam bu syýahaty bron edipdirler, hatda dünýä belli ýyldyzlar hem isleg bildiripdirler. Syýahata gitmekçi bolýan adamlar ilki bilen kosmonawt ugrundan taýýarlyk işlerini geçerler. Haçan-da täjirçilik uçuşy resmi taýdan rugsat berlen mahaly bolsa her bir syýahatçy bu gämi bilen kosmosa  gitmek üçin 250 müň dollar sarp etmeli bolarlar.

 

Haýwanlar üçin ilkinji koronawirus sanjymy bellige alyndy

 

 

 

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi