DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi  Sapar Pälwanow dünýä belli köp dilli kontent dörediji we poliglot influenser Ýuji Beleza hem-de Merkezi Aziýa boýunça hünärmen Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi.

 

Duşuşygyň dowamynda myhmanlara Türkmenistanyň baý medeni mirasy tanyşdyryldy. Ilçi türkmen medeniýetiniň däp bolan aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi, milli däp-dessurlar we ýurduň taryhy ösüş tapgyrlary, şol sanda garaşsyzlykdan soň döwletliligiň kemala gelşi barada maglumat berdi. Şeýle hem türkmen diliniň medeni aýratynlygyň we milli bitewüligiň esasy sütüni hökmünde ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Ýuji Beleza tanyşdyrylyşa uly gyzyklanma bildirdi. Ol türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny aýratyn nygtap, Türkmenistanyň tebigatyny, däp-dessurlaryny we dünýä belli myhmansöýerligini şahsy taýdan görmek maksady bilen gelmek isleýändigini tüýs ýürekden beýan etdi.

 

Duşuşygyň dowamynda UC Leuven uniwersitetiniň talyplary bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäre barada hem pikir alyşyldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, dil mirasy hem-de diliň halklaryň arasynda özara düşünişmegi ösdürmekdäki orny baradaky leksiýanyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem halkara kontent döredijileriň işi medeniýetleriň arasynda köpri gurmaga goşant goşýandygy we belli bir derejede medeni diplomatiýanyň mazmunyny şöhlelendirýändigi bellenildi.

Saparyň dowamynda myhmanlar türkmen milli tagamlary bilen hem tanyşdyryldy. Ýuji Beleza adaty tagamlary dadyp gördi hem-de şokolad bilen örtülen kakadylan türkmen gawunynyň ajaýyp tagamyny aýratyn ýokary bahalandyryp, onuň ýatdan çykmajak  täsir galdyrandygyny aýtdy. Bu bolsa Türkmen telekeçiler üçin öz önümlerini şeýle influenserleriň üsti bilen  dünýä derejesinde tanyşdyrmak üçin täze mümkinçilik döredip biler.

 

Duşuşyk medeni dialogy ösdürmekde hem-de ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady