JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostluk sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostluk sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugramak üçin Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy howa menzilinde ýurduň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny, iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlyk we syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini, bu ugurda özara saparlaryň yzygiderli guralýandygyny belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadag bu işleriň Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek we milli mirasy dünýäde giňden ýaýmak boýunça tagallalary bilen utgaşýandygyny aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäheriniň Şoudu halkara howa menziline bardy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Hytaýyň hem-de Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar