DÜNÝÄ

Gruziýanyň parlament wekiliýetiniň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Gruziýanyň Parlamentiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwili bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda duşuşyklary guramak tejribesini dowam etdirmegiň ähmiýeti beýan edildi.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentlerinde Parlamentara dostluk toparlarynyň hereket edýandigi bellenildi.

Türkmen diplomaty Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara topary we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler ýaly bar bolan gurallaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, geçen ýyl gol çekilen 2023-2024-nji ýyllar üçin iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Maksatnama netijeli özara gatnaşyklar üçin esas bolup durýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň abraýly halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýokary derejeli halkara suw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

«Galkynyş» topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri bilen duşuşdy

Galibaf Eýranyň parlamentiniň başlygy wezipesine täzeden saýlandy