DÜNÝÄ

Ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda Türkmenistanyň başlangyjynyň goldanylmagy

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutulýan ugurlar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdyr.

Mejlisde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň başlangyjy esasynda ozal öňe sürülen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagyny geçirmek boýunça onuň gün tertibindäki meselä seredildi.

 

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribesi, hususan-da Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda işe girizilen bilelikdäki söwda zolagynyň ähmiýeti barada beýan edildi. Netijede, tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagyny Sekretariatyň degişli taslamasynyň taýýarlanylmagy esasynda geçirilmegi teklip edildi.

Agzalan teklip Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi tarapyndan goldanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Guramanyň Sekretariaty türkmen tarapynyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça degişli taslamany taýýarlamaga girişer.

Related posts

Türkmenistan bilen BMG “akylly” şäherler boýunca hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Senaty Türkmenistana bellenen ilçiniň dalaşgärligine sereder

Ata Watan Eserleri

Mejlisde türkmen-amerikan parlamentara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy