DÜNÝÄ

Parlamentara Bileleşigi Türkmenistanyň başlangyjyny goldady

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýewiň Parlamentara Bileleşiginiň (PAB) Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň 16-njy sammitini kabul ediji tarap hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny tassyklady we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Bileleşigiň ýolbaşçylygyna iberen hatlaryny resmi ýagdaýda gowşurdy. Bu forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäginde öňe süren 2028-nji ýyly – Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjyny durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyrlarynyň biri hökmünde garalýar.

Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary bu başlangyjy minnetdarlyk bilen kabul etdi we Türkmenistanyň geljekki Sammiti geçirmek baradaky niýetini doly goldaýandygyny bildirdi. 2028-nji ýyly – Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň örän öz wagtyndadygy hem-de hukugyň hökmürowanlygy, institusional durnuklylygy we inklýuziw ösüşi pugtalandyrmak boýunça häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginiň möhüm isleglerine doly jogap berýändigi bellenildi.

Taraplar sebitde parlamentara gepleşikleri ösdürmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň artýan ornuna aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeňliginiň parahatçylygy parlament diplomatiýasynyň gurallary arkaly berkitmäge we netijeli hyzmatdaşlyk gün tertibini öňe sürmäge ýardam edýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar we öňde duran Sammite taýýarlyk görmegiň çäginde ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Trampdan soňra Putin hem Hytaýa sapara barýar

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder