DÜNÝÄ

Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň atçylyk gwardiýasynyň ýerleşýän ýerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen duşuşygyna gatnaşdy.

Geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dialogy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy täsirli çäreleriň kämilleşdirilmegi, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda tejribe alyşmaga aýratyn üns berildi.

Çärä gatnaşyjylar sebit hem-de halkara derejesinde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen konstruktiw we ynanyşmaga daýanýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Trampdan soňra Putin hem Hytaýa sapara barýar

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder