JEMGYÝET

Arkadag şäherinde we Awaza döwrebap golf meýdançalary gurlar

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Amerikaly işewür türkmen halkynyň Milli Liderini Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan görýändigini hem-de özüniň Türkmenistan saparyny ýakymly ýatlaýandygyny belledi.

Duşuşykda «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň amala aşyran golf meýdançalary taslamalary barada maglumat berildi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan «Nicklaus Сompanies» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribäniň toplanandygyny belläp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.

Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilýän durmuş maksatly binalaryň üstüni ýetirjekdigini bellän türkmen halkynyň Milli Lideri «Nicklaus Сompanies» kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Amerikanyň iň uly golf klublarynyň birine baryp gördi we bu klubyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan göni we “swap” tebigy gazyny eksport etmäge taýýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “Transhazar” gaz geçirijisine çynlakaý garaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-da Erik Stýuart bilen duşuşdy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna: Rumyniýada okamak üçin resminamalar kabul edilip başlanýar

Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Ata Watan Eserleri