DÜNÝÄ

Ahalteke atlarynda atly syýahatçylygy ösdüriler

Ahalteke atlarynyň taryhy uzak ýol geçiş mümkinçiliklerini häzirki zaman syýahatçylygynyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak, türkmen atşynaslyk däplerini dünýä ýaýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny atly syýahatçylyk arkaly wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ahalteke atlarynda atly syýahatçylygy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň halkara derejede ösdürilmeli ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek, Türkmenistanda ahalteke atlarynda atly syýahatçylygy ösdürmek boýunça tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, ahalteke atlarynda atly syýahatçylygyň taryhy-medeni, ekologiýa we halkara syýahatçylyk mümkinçiliklerini birleşdirýän täze ugurlary döretmek üçin daşary ýurtlaryň atçylyk we syýahatçylyk guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak bellenildi.

Related posts

Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 25-si guraldy

Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Ata Watan Eserleri

Yssy howa Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetine 6 milliard dollar zyýan ýetirip biler