DÜNÝÄ

Makron: Fransiýa Ýewropanyň emeli aň merkezi bolar

Fransiýanyň ýakyn ýyllarda emeli aň ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen maýa ýogumlarynyň möçberi 109 milliard ýewro deň bolar. Bu barada Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Pariž şäherinde geçirilen emeli aň boýunça Liderler sammitinde eden çykyşynda belläp geçdi.

– Ýewropa we Fransiýa täze ösüşlere barýar. Ýakyn ýyllarda Fransiýada emeli aň ulgamyna 109 milliard ýewro maýa goýumlary gönükdiriler – diýip, Makron belledi.

Onuň bellemegine görä, Fransiýadaky emeli aň taslamalarynda BAE-niň, ABŞ-nyň, Kanadanyň we Fransiýanyň kompaniýalary maýa goýumlaryny gönükdirer.

Prezident Makron Parižiň emeli aň boýunça Täze Deli we Pekin bilen hem iş alyp barmagy meýilleşdirýändigini belledi. Ol bu barada şeýle diýdi: “Biz Hindistan bilen hem işleşeris. Şeýle hem Hytaý bilen ABŞ ýaly deň derejede hyzmatdaşlyk ederis”.

Pariždäki sammite Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi hem gatnaşdy. Şeýle hem sammitde dünýäniň iri öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary öz ornuny aldy.

 

Fransiýada emeli intellekt üçin maýa goýumlary 85 milliard dollara ýetdi

Related posts

Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolar

Eýranyň kooperatiwler, zähmet we durmuş abadançylygy ministriniň Aşgabada sapary

21-nji dekabr – iň uzyn gije, iň gysga gündiz