TEHNOLOGIÝA

Ilon Mask 97 milliard dollar teklip etdi,  Sam Altman kabul etmedi!

Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky maýa goýujylar topary “OpenAI” kompaniýasyny satyn almak üçin 97,4 milliard dollar teklip etdi. Emma “OpenAI”-niň baş direktory Sam Altman bu teklibe “Ýok, sag boluň” diýip jogaby berdi.

Mask we onuň emeli aň başlangyjy “xAI”, şeýle-de birnäçe maýa goýujy, “OpenAI” kompaniýasyny dolandyrmagy maksat edinýärler. Maskyň aklawçysy Mark Toberoff bu teklibiň “OpenAI” kompaniýasynyň asyl missiýasyna – jemgyýetçilik bähbitli ylmy barlag laboratoriýasyna – gaýtarmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Altman bolsa Maskyň teklibine “Twitter”-däki (häzirki X) torundan  jogap berip:
“Ýok, sag boluň, emma biz “Twitter”-i 9,74 milliard dollara satyn alyp bileris, isleýän bolsaňyz.” diýdi.

Mälim bolşy ýaly, Mask 2022-nji ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny  44 milliard dollara satyn alandygyny bellemek bolar.

Related posts

Ýük ulaglary we awtobuslar boýunça möhüm ylalaşyk

“Toyota” we “Mazda” bilelikde zawod gurar

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi