TEHNOLOGIÝA

GDG (Google Developers Group) bilen duşuşyk

Ählimiziň bilişimiz ýaly häzirki döwürde tehnologiýa jemgyýetimizde örän möhüm orny tutýar. Kompýuter ulgamynda diňe bir hünärmenler bilen çäklenmän, islendik ynsanyň hem belli bir derejede tehnologiýadan baş çykaryp bilmegi zerurlyk halyna öwrüldi. GDG toparynyň agzalary başgalara öwretmek we şolbir sanda birnäçe duşuşyklary gurnamak ýaly işleri alyp barýarlar. Bu toparyň yhlaslary bilen her aý tehnologiýa barada örän giň temalarda duşuşyklar geçirilýär. Başlangyç programma ýazyjylaryndan tejribeli işgärlere çenli tehnologiýa dünýäsine höwesi bolan ähli kişiler bu duşuşyklara gatnaşyp bilýärler. Düýn hem paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde GDG topar ýerli programma ýazyjylary bilen tehnologiýa höwesi bolan beýleki adamlary jemläp, olaryň özara tejribelerini paýlaşmaklary we tehnologiýa ulgamlaryna bolan höweslerini has-da artdyrmak maksady bilen “FLUTTER Tutorial Session & Firebase Study Jam’ 20” atly örän gyzykly duşuşyk gurnady. Bu duşuşykda 6 sany çykyş gurnalyp, muňa beýleki türkmen kompaniýalaryň agzalarydyr ýolbaşçylary hem uly gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň soňunda  bolsa, GDG toparynyň agzalaryna sag bolsun aýdyldy we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň meýletinçi talyplaryna minnetdarlyk haty gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi