TEHNOLOGIÝA

Garramagyň öňüni almak üçin maýa goýum

“Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos öýjükleriň garramagynyň öňüni alýan programmalaryň üstünde işleýän startap firmasy “Altos Labs” şereketine 3 milliard dollar maýa goýýar. Bu barada “The Sunday Time” neşiri habar berýär.

Başlangyç öýjükleriň saglygyny, kesele, şikeslere we hatda maýyplyga garşy durmak üçin biologiki tehnologiýany ösdürer.

Ylmy institutlar ylmy-barlag işlerine, Lukmançylyk instituty bolsa derman öndürmäge gatnaşar. Olar San-Fransisko we San-Diýegoda, şeýle hem Beýik Britaniýanyň Kembrij şäherinde ýerleşer. Şeýle hem bu kompaniýa Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy meýilleşdirýär.

“Altos Labs” startap kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň düzümine himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Jennifer Dudna (2020-nji ýyl, gen inženerçiligi) we Franses Arnold (2018-nji ýyl, enzimlerden peýdalanmak) bar.

Kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminde Rik Klauzner we Hans Bişop hem bar. Şeýle hem Beýik Britaniýanyň GSK kompaniýasynyň baş ylmy işgäri we ylmy barlaglar we işläp düzmeler boýunça ýolbaşçysy Hel Berron 1-nji awgustdan bu topara goşular.

Bezosyň bu kompaniýa maýa goýumlaryny goýjakdygy ozal hem habar berlipdi. Geçen ýylyň sentýabrynda Jeff Bezosyň täze startapa näçeräk maýa goýjakdygy mälim edilmändi.

“MIT Tech Review” neşiriniň habaryna görä, täze startap alymlary 1 million dollar zähmet haky bilen işe alnypdyr. Startap  gaýtadan programmirlemek tehnologiýasyny ulanar. Şonuň kömegi bilen öýjüklere belok goşular we olary kök öýjük derejesine çykarmak üçin çemeleşiler.

 

24-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar