JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-da Erik Stýuart bilen duşuşdy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň çäklerinde  «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu duşuşykda türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga ýokary gyzyklanmalaryny ýene-de bir gezek tassyklap, halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş edýän ornuny belledi. Munuň özi halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

«Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. 2008-nji ýylda Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen bu geňeş uzakmöhletleýin geljege niýetlenip, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Onuň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we maslahatlar iki ýurduň döwlet düzümleriniň, işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döredýär.

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar