JEMGYÝET

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasy taýýarlanar

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriň orunbasary hem-de Prezident işleriniň ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar bilelikdäki iri möçberli taslamalaryň, hususan-da energetika we ulag-logistika ulgamlaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegini işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň we BAE-niň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny taýýarlamagyň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Geografyň gutlagy

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýada döwlet saparynda bolar

Prezident Mohammad Aşraf Gani Aşgabada resmi sapar bilen geldi

vepa