Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly taryhy ähmiýetli wakasy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy giň gerimde bellenilip geçildi.
Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, Garaşsyzlyk diýen mukaddes düşünjede şöhratly geçmişimiz, bagtyýar şu günümiz we röwşen geljegimiz öz beýanyny tapýar. Garaşsyzlyk ýurt üçin berkararlykdyr, özygtyýarlylykdyr, halk üçin azatlyk, erkinlikdir. Şoňa görä-de, garaşsyzlyk baradaky ganatly arzuwlar, belent maksatlar asyrlarboýy halkymyzyň diliniň senasyna öwrülip geldi. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Garaşsyzlygymyzyň jar edilmegi bilen, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak hakyndaky ençeme asyrlyk arzuwlary hasyl boldy. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,//Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn!» diýen ajaýyp jümleleri bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli döwletlilik taglymatyny dabaralandyrýar.
Agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna joşgunly zähmet üstünlikleri bilen geldi. Dürli pudaklarda, ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmakda we innowasion esasda ösdürmekde, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda ýetilen belent sepgitler ýüreklerimizda buýsanç duýgularyny döretdi.
Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň mizemez jebisligini, döwletlilik ýolumyzyň dowamatyny ýene bir ýola görkezdi. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde, Watanymyzyň ösüşinde gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri jemlemekde we öňde duran möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşmakda bu umumymilli forum möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde gazanylan taryhy üstünliklere, ýetilen belent sepgitlere nazar aýlamaga, olara buýsanmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi. Geçen gysga taryhy döwürde Diýarymyzda asyrlara barabar özgertmeler amala aşyryldy, berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artdy, raýatlaryň durmuş-ýaşaýyş derejesi düýpgöter ýokarlandy.
Ählihalk geňeşinde «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň», «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasynyň, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi bolsa halkymyzda uly seslenme döretdi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary, innowasion tehnologiýaly senagat kärhanalary, häzirki zaman lukmançylyk we bilim merkezleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary dabaraly açylyp ulanmaga berildi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», Oba milli maksatnamasy esasynda häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň pudaklaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze senagaty döredilýär. Sebitleri senagatlaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýete geçmek arkaly durnukly ösüşiň ygtybarly binýadyny has-da berkidilýär.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz esasynda amala aşyrylýan nusgalyk işler halkymyzyň bagtyýarlygyny hem-de agzybirligini has-da pugtalandyrýar. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen 35 ýyllyk döwürde Garaşsyz Türkmenistan dünýäde belent abraýa eýe bolup, halkara giňişlikde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň merkezine öwrüldi. Döwletimiziň berkararlygy, jemgyýetimiziň galkynyşy ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine, milli döwletliligimiziň köpasyrlyk däplerine daýanýar.
Umuman, içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýetilýän sepgitler, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan işler buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Şeýle ajaýyplyklar binýady berkden tutulan berkarar döwletimizde mähriban halkymyzyň merdana pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň arzuwlan ajap eýýamynyň hözirini görýändigine şaýatlyk edýär. Döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň abadanlygy, milletimiziň jebisligi, ilkinji nobatda, milli hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygyň binýadyny has-da pugtalandyryp, ýurdumyzy beýik geljege tarap barha ynamly öňe alyp barýar. Bu gün milli ykdysadyýetiň, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň, raýatlaryň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen beýik işleriň gözbaşynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durandyr. Watanymyzyň şeýle ajaýyp ösüş-özgertmeleri, halkymyzyň eşretli durmuşy her birimizde guwanç duýgularyny döredýär, mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjyny goşalandyrýar.
Berkarar Watanymyzyň, eziz halkymyzyň mertebesini, abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş-hoşallyklarymyz çäksizdir.
Güldesse Babaýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
