JEMGYÝET

«Al-Nasr» topary Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň çäginde duşuşýan «Arkadag» (Türkmenistan) bilen «Al-Nasr» (Saud Arabystany) toparlarynyň arasyndaky duşuşyk dünýäniň dürli künjegindäki futbol janköýerlerinde uly gyzyklanma döretdi.

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary Aziýa yklymynyň möhüm futbol ýaryşynyň çäklerinde geçirilýän duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi.

Paýtagtymyz Aşgabadyň halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň türgenlerini hem-de tälimçi topary türkmen myhmansöýerligi bilen garşylandy.

Mälim bolşy ýaly, AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň bijesi çekilen gününden soňra «Arkadag» (Türkmenistan) bilen «Al-Nasr» (Saud Arabystany) toparlarynyň arasyndaky duşuşyk halkara we aziýaly sport hünärmenleriniň ünsüni özüne çekdi.

Saud Arabystanynyň abraýly hem-de meşhur toparlarynyň biri bolan «Al-Nasr» topary soňky ýyllarda özüniň düzümini barha güýçlendirdi. Ilki bilen dünýä belli portugal futbolçy Kristiano Ronaldo bilen şertnama baglaşyp, dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken saud topary soňra senegally Sadio Mane, portugaliýaly Žoao Feliks, ispaniýaly Inigo Martines, fransiýaly Kingsli Koman, horwatiýaly Marselo Brozowiç ýaly meşhur futbolçylar bilen düzümini has-da berkitdi.

“Arkadag” toparymyz  tälimçi Horhe Jesusyň ýolbaşçylygyndaky diňe bir Aziýanyň hem däl, tutuş dünýäniň iň güýçli toparlarynyň biri bolan “Al-Nasr” topary bilen geçirjek duşuşygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Bu duşuşyga “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy